Salam lukman! Menin ýumurtgalygymda kistanyň bardygyny anykladylar we regulon atly dermany içmelidigimi aytdylar. Şu dermany içsem, geljekde göwreli bolmagyma zyýany bolmazmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Hormatly lukman! Aýalyň saglygy üçin jynsy gatnaşyklaryň nähili peýdasy bar?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Menin bir çagam boldy. Indi göwrämde çaga galma kynçylygy döredi. Lukmanlar meni barlap, ýatgymyň boýunjygynda ýaranyň bardygyny, ýöne onuň çaga galmazlygynyň sebäbi bolup bilmeýändigini aýtdylar. Indi men name etmeli? Men ýarany bejertmesem hem mende çaga galarmyka?
Saýtyň okyjysy, Ogulbaýram.
Jogaby oka
Salam hormatly lukmanlar! Men sizin saýtyňyzdaky ähli mowzuklary gyzyklanyp okaýaryn we özüme gerekli maglumatlary alýaryn. Size işiňizde üstünlik arzuwlaýaryn! Hormatly lukman! Menin gelnimiň çaga doguranyna 7 aý boldy. Ýöne heniz hem aýbaşysynyň gelmeýändigini we jyns agzalarynda gijilemäniň bardygyny aýdýar. Gijileme ony göwrelilik wagty hem biynjalyk edýärdi. Bu ýagdaýlar name sebäpden bolýaka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Tebigat Zenany hoşboý ysly güllerden, daglaryň ak garyndan, bullurdap akýan çeşme suwundan ýasap, oňa öz reňkleriniň iň gowsuny peşgeş beren bolmaly. Zenan näz-kereşmesi, ejizligi, mähirliligi ony şeýle syrly edip görkezýän bolsa, onuň gözelligi, beden syraty erkek adamlary özüne maýyl edýär.
Zenan bedeniniň gözelligi we syrlylygy şahyrlar tarapyndan wasp edilip, aýdymdyr-şygyrlarda öz beýanyny tapan bolsa-da, zenan päkligini we gyzlyk mertebesini görkezýän gyzlyk perde baradaky soraglar elmydama üns merkezinde bolmagynda galýar.
Gyzlyk perde... Syrlylygyň, buýsanmalaryň, oýlanmalaryň, ynanmazlygyň, jedelleriň gözbaşy. Geliň onuň bilen baglanşykly, lukmana has ýygy berilýän soraglaryň üstünde durup geçeliň.
Dowamy
Salam lukman! Meniň aýbaşym gelende içim agyryp, gaýtarýaryn. Derman bilen sanjym alanymdan soň ynjalýaryn. Lukmana ýüz tutamda ol mana dýufaston, indometasin, magne B6, no-şpa yaly dermanlary içmegi belledi. Obamyzyň lukmanlary meniň entek ýaşlygym sebäpli, dýufaston dermanyny içmekden saklanmagy maslahat berdiler. Maňa şu bellenilen bejergiler kömek edip, men peýda taparmykam?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam hormatly lukman! Gelnim çaga dogranda, daşky jyns agzalaryndan aşaklygyna tarap kesip çagany dogurdypdyrlar. Şeýle dogrumdan soň jynsy gatnaşygy naçe wagtdan son geçirme rugsat berilýär hem-de indiki dogrumy naçe wagtdan meýilleşdirip bolar?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam lukman! Meniň aýalym peşewini saklap bilmeýär. Şeýle ýagdaýda näme maslahat berip bilersiňiz?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam lukman. Meniň adym Mahym. 24 yaşymda, 3 çagam bar. Mana spiral goýdurmak bolanok. Sonun ucin men POSTINOR dermandan içdim. Mana bu dermany lukmanym maslahat berdi. Men indi sol dermany içmesem aybasym gelenok. Namedenka? Mana maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy, Mahym.
Jogaby oka
Salam lukman! Men ýatga spiral goýdurmak isleýärin. Ýöne joralarym spiralyň birnäçe zyýanly taraplarynyň bardygyny aýdýarlar. Onuň zyýanly taraplary barada giňişleýin gürrüň berseňiz hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka