Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGA ÝAN SUWLARYNYŇ HAPALANMAGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.10 (10 Ses)

Salam hormatly lukman! Men 19 hepdelik göwreli gelin. USB-ny geçemde göwrämdäki çaganyñ ýan suwunyñ hapalanandygyny aÿtdylar. Munuñ nähili ÿüze çykyšyny we howplulygy barada düşündiriş bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4201 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Hormatly lukman! Aýal maşgala çagany dogrup bilmedik ýagdaýynda kesar kesimi operasiýasy geçirilýär. Şeýle operasiýadan soň aýal maşgala nace gezek göwreli bolmak rugsat berilyär? Meni ýene bir sorag gyzyklandyrýar: eger ýatgyň agzy iki bolsa zyyany barmyka we bu lukmançylykda bolýan zatmy?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4463 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.85 (26 Ses)

Salam lukman! Men gowreli gelin. Gowrelilik döwri mende agyr geçýär. Şeyle bolsa-da 37 hepde yzda galdy. Indi az wagtym galdy. Göwrelilik başlanandan bari gan azlylyk I derejede, gipertonus, bowreklerimde kemçilik, sag aýagymda warikoz damarlaryň çykmagy biynjalyk etdi. Lukmanyň ýanyna ýygy-ýygydan barýan we bellän bejergilerini doly alýaryn. USB-yň netijeleri: yatgynyň çep arteriýasynda gan aýlanşygynyň bozulmagy. Göwrelilik 36-37 hepde. Suwy gomogen, ýoldaşy yzky diwarda, suwy kadaly, düwünçek 1 sany, çaga dogulys synasy kelleleýin, ýürek urgusy 144, ýoldaşynyn galyňlygy 3,5 sm. Netije: ýatgy-ýoldas gan aýlanşygynyn bozulmagynyň I A derejesi. Şeýle netije bilen, eger howply bolmasa men keselhana yatmakçy dal. Umuman gan aylanşygyň bozulmagy name? Bu barada düşündiraýseňiz! Bilşiňiz ýaly, 2 hepde ýaly wagtym galdy. Eger hiç bir howply zady bolmasa, men dogrum wagtyma çenli öyde galmakçy. Sizin jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 14433 gezek okalan

AÝBAŞY BOZULMASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (14 Ses)

Salam lukman! Men daşary ýurtda okayan we her ýyl öye gidip okaýan ýurduma gaýdamsoň bilimiň geliş tertibi üýtgeýär. Ýöne bu gezek 4 ay bilimiň gelmändigi sebäpli ciklodinon gerdejigini kabul edemsoň aýbaşym 1 hepde geldi. Indi hem ýene 2 aýlap gelmänsoň men USB-ny geçdim. Maňa "nedostatoçnost 2 fazy" diýen kesel kesgidini goýdular. Bu nämäni aňladýarka we men nähili bejergi almaly bolaryn?

Saýtyň okyjysy, Aýläle.

Jogaby oka

  • 6769 gezek okalan

TOSLAMAMY ÝA-DA HAKYKAT?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Salam, hormatly lukmanlar! Türkmen halkynyň ýaşaýyş medeniýetinde müňlerçe yrymlara duş gelinýär. Käbirleri lukmançylyk taýdan tassyklanýan bolsa, käbirleri lukmanlarda gülki döredýär. Meniň şeýle soragym bar. Ýaşy uly zenanlarymyz aýala çaga doguran badyna uklamagy gadagan edýärler. Eger derrew uka gidäýse, aýal maşgalanyň psihikasyna zeper ýetýärmişin. Şu toslamamy ýa-da hakykat? Jogabyňyza öňünden minnetdarlygymy bildirýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4336 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

Salam. Men 19 yaşymda, özüm hem 6 aýlyk göwreli. 4 aýymy doldurup (18 hepdelik) USB-ny geçdim. Şonda göwrämdäki çaganyn gyzjagazdygyny aýtdylar. Meni gyzyklandyrýan zat- şol möhletde çaganyň jynsyny anyk bilip bolýarmy?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6170 gezek okalan

OPERATIW DOGRUMDAN SOŇKY DÖWÜR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

Salam hormatly lukman! Çaga kesilip alnandan son aýalyň saglygy babatynda nählil çäreleri geçirmeli? Şu barada giňişleýin gürrüň beraýseňiz sizden hoşal bolardym!

Saýtyň okyjysy, Guwanç.

Jogaby oka

  • 3795 gezek okalan

AŞ SAÝLAMA KYNÇYLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

Salam hormatly lukman! Meniň gelnim iki aýlyk göwreli, häzir aş saýlama döwrüni başdan gecirýär. Ol kän zat iýenok, diňe ögeýär, gaýtarýar. Indi ýöne gyzylödegim agyryp dur diýýär. Şeyle hem sag tarap böwregim agyrýar diýýär. Biz siziň maslahatyňyza örän mätäç. Sag boluň!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5758 gezek okalan

ÇAGA ÜÇIN ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.67 (3 Ses)

Salam hormatly lukman! Menin gelnim göwreli. 9 aya girende aýal ugrundan suw we gan gelip başlady. Içi sarsypdyr diýýärler! lukmanlar cagany wagtyndan on dogurdýan sanjymlary uryarlar! Sol sanjymlar gelnim we dogjak çaga üçin zyýanlymyka? Şular barada ginişleyin gürrüň berseniz sizden hosal bolardym!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4816 gezek okalan