Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (6 Ses)

Salam, hormatly, lukman! Meniň aýalym göwreli we ýüregi bulanýar, zat iýse gaýtarýar. Näme maslahat berersiňiz?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4922 gezek okalan

ÇALT DOGURDÝAN UKOLLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (7 Ses)

 

Salam, lukman! Dogrum burgulary tutup başlansoñ çaga dogurylýan öýe gidilýär. Adatça ol ýerde lukmanlar dogrum çalt başlar ýaly ukol edýärler. Şol sanjym ene hem-de çaga üçin howplumy? Saýtyñyzda ýerlesdirilen örän peýdaly "Maşgala saglygy" kitabynda dogrumyñ öñüsyrasynda şeýle sanjymyñ ölüm howpludygy barada aýdylýar. Eýsem dogurýan aýallaryñ uçdantutma ählisine diýen ýaly dogrum başlamazyndan öñ şeýle sanjym edilýär. Şu barada düşündiräýseniz, minnetdar bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4595 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.22 (9 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Biz siziň jyns gatnaşyklary baradaky ähli makalaryňyzy gelnim bilen okayarys. Biz 22 ýaşymyzada, geçen hepde durmuş gurduk. Indi biz göwrelilik barada has giňişleýin, aýratyn-da ekiz çaga edinmek barada bilmek isleýäris. Şu barada gürrüň bereňiz, hoşal bolardyk.

Geldimyrat.

Jogaby oka

  • 8344 gezek okalan

DOGRUM WAGTYNDAKY ÇAGA ÖLÜMLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (5 Ses)

Salam, hormatly lukman! Dogrum wagtynda ýüze çykýan çaga ölümleriniň sebäpleri barada anyk maglumat bermegiňizi haýyş edýäris. Öz ýakynlarymyzyň biriniň golaýda ekiz çagasy boldy. Bu onuň 2-nji gezekki göwreliligidi. Ol dogrumdan öň 1 aý töweregi paýtagtda ýerleşýän, ýurdumyzda iň bir gowy çaga dogrulýan öýleriň birinde lukmanlaryň gözegçiligi astynda boldy. Göwreliligiň ähli dowamynda-da seredilme kemi galmady. Göwrelilik döwründe özüni oňat duýdy. Lukmanlar tä dogrum wagtyna çenli enäniň we ekizleriň ýagdaýynyň oňatdygyny, kadalydygyny aýdyp geldiler. Emma 9 aýy dolandan soň enäniň özi tarapyndan dogrulan ekizjeleriň ikisi hem öli bolup çykdy. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, ekizler öýkeni açylmandygy sebäpli şeýle bolupdyrlar. Ekizleriň biriniň reňki ap-ak, beýlekisi bolsa gögümtil, agramlary 2 kg -2,2 kg bolupdyr. Ikisi hem gyz çaga eken. Olaryň reňki agynyň dogrum wagtyndan öňräk ölen bolmagy hem mümkin diýdiler. Ýene-de lukmanlar çaganyň "ýoldaşy garrapdyr" hem diýdiler. Garaz, bu waka biz üçin-ä birhili düsnüksiz hem ýürekleri ezdiriji waka boldy. Ene üçin has hem aýylganç bolandygy düsnükli zat. Şu we basga-da özüňize mälim bolan beýleki şuňa meňzeş ýagdaýlar barada düsündiriş bermegiňizi Sizden uly haýyş edýäris.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4589 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.70 (10 Ses)

 

 

Salam, hormatly lukman! Spermatozoidler ýumurtga öýjügini nädip tapýarlar? Näme üçin olaryň içinden diňe biri ýumurtga öýjügi tohumlandyrýar? Tohumlanan ýumurtga öýjügi näme üçin ýatga düsýär we sol ýerde ösüsini dowam etdirýär? Umuman, tohumlanma hadysasyna beýnimiz jogap berýärmi? Spermatozoidleriň hereket edip, ýumurtga öýjügini tapmagyny beýnimiz kontrollykda saklaýarmy?

Saýtyň muşdagy.

Jogaby oka

  • 6099 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (10 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men aýalym bilen toý edenime 1-ýyldan geçdi. Ilki göwresinde çaga galmady, 7-aý diýende çaga galdy. Test bilen barlanda dogrudygny görkezdi we ondan soň men işe gaýtdym.  3-aý diýende işden geldim. Şol wagt çaga 4-aýlykdy, meniň gelenime 15 günden soň aýalymyň jyns agzasyndan gan akma başlandy. Biz ony şol wagt lukmana görkezdik. Lukman UZA düşmeli diýdi. Düşürdim, UZA düşeren lukman munuň göwresinde çaga ýok diýdi. Ilki düşünmedim, onuň aýbaşysy gelýär diýdi. Ýöne men testiň görkezendigini, oba lukmanlarynyň tassyklandygyny aýtsam-da, bu lukman hiç zat görnenok diýdi. Men we aýlym ruhuçökgün ýagdaýda öýe gaýtdym, 2-günden soň aýalymyň göwresindäki çaga düşdi, men hiç zada düşünmedim. Düşen  çaga 2-aýlyk ýaly eken. Beýle ýagdaý nämeden bolup biler? Meniň aýalymyň göwresinde galandan soň uzak wagt jynsy gatnaşyk etmedigim sebäp bolup bilermi? Jogabyňza sabyrsyzlyk bilen garaşýan.

Saýtyň okyjysy Myrat.

Jogaby oka

  • 6711 gezek okalan