Salam hormatly lukman! Men 19 ýaşymda. Özüm hem 5 aýlyk göwreli. Göwreliligiň 3 aýlygynda USB-ny geçenimde, maňa "ýatgynyň tonusy ýokary" diýen netijäni berdiler. Lukman maňa dýufaston dermanyny belledi. Ýaňy ýakyn hem lukmanyň barlagyna baryp, hajathana ýygy gatnaýanlygyma arz edenimde, maňa ýene dýufaston we magneB6 dermanyny kabul etmegi maslahat berdi. Bu ýagdaý gorkulymyka?Meniň käwagt başym aýlanyp, ysgynym hem gaçýar. Bu alamat bolsa nämeden döreýärkä? Ondan başga-da, men näçe wagt hereket etmeli we nähili dynç almaly, nähili iýmitlenmeli? Şu soraglara jogap berseňiz, sizden hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam hormatly lukmanlar! Bize gyzykly maglumatlary ýetirip durýanlygyňyz üçin Size minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Meni gyzyklandyrýan bir sorag bolup, ol jynsy gatnaşyklara degişlidir. Oglanyň jynsy agzasynyň gyjynmagy netijesinde dölüň bölünip çykýandygy hemmelere belli. Bu ýagdaý gyzlarda hem bolýarmy? Ýumurtga öýjükleri hem döl ýaly daşyna çykyp bilýärlermi? Eger bolýan bolsa, ol ýagdaý nähili amala aşyrylýar?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam hormatly lukman! Meniň adym Aman. Biziň çagamyz bolanok. Şol sebäpden hem, Türkmenistanda emeli tohumlandyrma geçirilýän keselhanalaryň salgylaryny we bejeriş çäreleri geçirmegiň möhletleri barada habardar edäýseňiz Sizden minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy, Aman.
Jogaby oka
Salam hormatly lukman!
Biziň fewral aýynda gyzjagazymyz boldy. Siziň maslahatyňyz esasynda çaga dogulmalaryň arasyny iki ýyl uzaltmagy makul bildik. Biz ýatga spiral goýdurmadyk. Aprel aýynyň ahyryndan bäri jynsy gatnaşygy geçirýäris. Entegä aýbaşy hem gelenok, çaga hem galanok. Şeýle ýagdaýda jynsy gatnaşygy dowam edip bolarmy? Aýbaşy gelmese hem çaga galyp bilermikä?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman! Men on dokuz yaşymda ozümem iki aýlyk göwreli. Ejem ekiz, şol sebapli mende hem ekiz dogurmak mümkinçiligi barmy? Lukman, jogabyñyza sabyrsyzlyk bilen garaşyan.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman! Meniň gyzym bar, indi hem ogul isleýäris. Muny nädip hasaplamaly?
Saýtyň okyjysy.
Salam, hormatly lukman! Oglanjyk dogurmak üçin nähili kalendary ulanmaly? Käbir adamlar hasaplap, ogul dograndyklaryny aýdýarlar. Munuň nähili hasaplanýandygyny aýdaýyň-da.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman! Göwreli bolup aş saýlan döwrüňde doňdurma iýmek zyýanlymyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman! Dokuz aýlyk göwreli aýalyň gasygy agyrýar. Bu howplumyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman! Stenokordiýa we güýçli miokardiýa bilen keselli gyz maşgalalar çaga dogurmaga ukyplymy? Bu gelejekde olar üçin howply bolmazmy? Şu barada kyn görmän, doly düşündiriş berseňiz minnetdar bolardyk. Operasiýa edilen ýagdaýlardan soň hem biynjalyk edýän ýagdaýy-da, bejergi alýan ýagdaýy-da göz öňüne tutmagyňyzy haýyş edýäris.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, saýtyň agzalary we işjeň lukmanlary!
Men ýaňy-ýakynda kaka boldum (2 hepde boldy). Türkmençilikde çagany çekip gundamak diýip bir zat bar. Şonuň peýdasy ýa-da zyýany barada gürrüň bermegiňizi haýyş edýärin. Sebäbi gyzymyz käwagt aglanda gundagy çözülen ýagdaýynda aglamasyny goýýar. Gundalsa, ýene-de aglap başlaýar. Eýsem çaga gundagdan bimaza bolýarmyka? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka