• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNSY GATNAŞYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.40 (108 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men ýaňy-ýakynda öýlendim, ýöne näme üçindir diňe bir sapar gatnaşyk bolýar, yzygider bolanok. Gelniň islegini nädip kanagatlandyrsa bolar?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 25670 gezek okalan

ÇAGANY GUNDAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (7 Ses)

Salam, saýtyň agzalary we işjeň lukmanlary!
Men ýaňy-ýakynda kaka boldum (2 hepde boldy). Türkmençilikde çagany çekip gundamak diýip bir zat bar. Şonuň peýdasy ýa-da zyýany barada gürrüň bermegiňizi haýyş edýärin. Sebäbi gyzymyz käwagt aglanda gundagy çözülen ýagdaýynda  aglamasyny goýýar. Gundalsa, ýene-de aglap başlaýar. Eýsem çaga gundagdan bimaza bolýarmyka? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5970 gezek okalan

GÖZÜME NÄHILI BEJERGI ALMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniň gözüm m-3%, h+1. Men operasiýa etdirmezden bejergi alyp bilerinmi? Men doglamda agyr bolupdyryn. Nädip bejergi alyp bolarka?  Maslahat bermegiňizi haýyş etýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4813 gezek okalan

ETI KÖP IÝMEKLIK ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

Salam, hormatly lukman! Öýde, toýlarda etli naharlary iýmegi halaýan, olara bolan işdämem uly. Il arasynda "eti köp iýseň, basym gararsyň" diýip aýdýarlar. Dogrudan-da, eti köp iýmek zyýanlymyka? Şu barada giňişleýin jogap berseňiz, hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5147 gezek okalan

MIOMA NAME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Mioma näme? Mioma barada giňişleýin düşündirseňiz, minnetdar bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6466 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Salam, lukmanlar! Käbir hamamlarda ýa-da umumy hamamlarda, saunalarda ýörite bug bolýar. Buguň adam saglygyna nähili peýdalary we zyýanlary bar? Ýürek agyrly, dem gysmaly adamlara buglara girmek bolýarmyka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4270 gezek okalan

SEMREMEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (5 Ses)

Salam, hormatly Lukman we dostlar! Mende bir problema bar. Men 4-5 ýyldan bäri aşgazanymda eroziýa barlygy sebapli berhiz tutýaryn. Emma muňa garamazdan,  iýenimiň siňmezliginden kösenýärin we horlanýaryn. Munuň çykalgasy barmy? Jogaplaryňyza garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5840 gezek okalan