• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Meniň içim babasyldan gatap bilermi? Garaz babasyl, iç gatama ugru bilen meşgullanýan dogtara paktolog diýilýär öýdýan. Aşgabatda iň gowy paktolugyň ýa-da hassahananyň adyny aýtmagyňyzy haýyş edýän.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4515 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (5 Ses)

Salam men bina gurluşykda işleýän. Işlän döwrümde bir demir bölegini kesip durkam, ondan kiçiräk demir bölejiginiň gyzgyn gylçagy meniñ gözümiñ garajygyñ üstünden girdi, emma garajyga ýetmän üstünde ýuka perdede saklanan eken. Men ony şol wagt lukmana görkezdim gözümden onuñ gylçagyny aýyrdy, emma onuñ giren ýerinde oýuk edip tegmil goýdy. Lukman maña gözüñe damdyrylýan derman berdi men ony damdyryp gezdim. Ýuwaşdan agyry aýrylyp bitip ugrady, gözüñ üstündäki tegmil hem aýryldy, has oñat boldy. Şondan bäri 8 aý geçdi, emma gözüm öñküsi ýaly dury görmeýär bulaşyk görýär. Men näme etsemkäm? Men ýene hiç zat bolmadyk ýaly gowy görermikäm? Näme etmelidigini maslahat bermegi haýyş edýärin. Jogabyňyza garaşan.

Aman.

Jogaby oka

  • 4069 gezek okalan

NÄDIP SEMRÄP BOLARKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

Salam lukman! Meniň  boyum 170 sm, ýöne agramym 57 kg. Men lukmanlara özümi barlatdym, gastrit yok, gurçuk ýok, ýöne şonda-da semräp bilemok. Görşüňiz ýaly, meniň agramym boyuma görä däl, özümem 23 ýaşymda. Nädip semräp bilerin? Sizin maslahatyňyň gerek.

Saýtyň okyjysy Öwez.

Jogaby oka

  • 5684 gezek okalan

BU IMPOTENSIÝANYŇ ALAMATYMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.29 (7 Ses)

Salam saýtyň lukmany. Berjek soragym üçin bagyşaweriň, aýyplaşmaň. Meniň ujydym turýar,  ýöne jyns gatnaşygynyň dowamynda dölümi çalt dökýän, yz yany ujydym wagty bilen turanok. Bu impotensiýamyka? Munuň bilen nähili göreşmeli? Mana kömegiňiz deger diýip umyt edýän.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4847 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (18 Ses)

Salam Hormatly Lukman. Meniñ esasy gündeki problemalarymyñ biri saçymyñ seyreklemegi. Saç näme sebäpden düshýär? Saç düşmegiñ öñüni nädip alyp bolyar? Tohum yzarlasa, öñüni alyp bolmazmy? Eger tohum yzarlaýan bolsa, saç ekdirip bolyarmy? Aşgabatda saç ekip berýän merkezler barmyka? Bahasy nähilikä? Başga-da haysy dermanlaryñ kömegi degip biler? Biocxin diyip Türkiýede öndürilen şampun bar, ýöne kän täsiri yok. Saç dökülmä garşy nämeler ulanyp bolar?

Minnetdarlyk bilen, Durdy.

Jogaby oka

  • 7929 gezek okalan

IÇGATAMANY NÄDIP AÝYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

Lukman, men näme etmeli? Içim elmydama gataýar. Derman ullansam gowy,  ullanmasam gataýar. Aşgabatda iň gowy lukmany maslahat bermegiňizi haýyş edýän.

Myrat.

Jogaby oka

  • 4970 gezek okalan