• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.78 (9 Ses)

Salam hormatly lukmanlar! Men sizin saýtyňyzdaky ähli mowzuklary gyzyklanyp okaýaryn we özüme gerekli maglumatlary alýaryn. Size işiňizde üstünlik arzuwlaýaryn! Hormatly lukman! Menin gelnimiň çaga doguranyna 7 aý boldy. Ýöne heniz hem aýbaşysynyň gelmeýändigini we jyns agzalarynda gijilemäniň bardygyny aýdýar. Gijileme ony göwrelilik wagty hem biynjalyk edýärdi. Bu ýagdaýlar name sebäpden bolýaka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5522 gezek okalan

GÖWRELI BOLUP BILMEZLIK KYNÇYLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.93 (55 Ses)

Salam hormatly Lukman! Meniň öylenenime 10 aý bolsada, gelnimiň göwresinde çaga galanok. Lukmanlar barlap caganyň yatgysynyň kadadan kiçidigini we sowuklama ýagdaýynyň bardygyny bellediler. Lukmanlaryň bellän bejergisini keselhanada aldyk, öýdede dowam etdik. Ýöne entek hiç hili netije ýok. Bu meselede Siz nähili maslahat berip bilersiňiz?

Saýtyň okyjysy, Perhat.

Jogaby oka

  • 18848 gezek okalan

IÇDÄKI AGYRYLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (3 Ses)

Salam lukman! Men 27 ýaşly zenan. 4 ýyl mundan öň appendektomiýa operasiýasyny geçirdim. Şondan bäri içimiň agyrysy aýrylanok. Şol ýyl hem ýokanç keseller bölüminde dowamly gepatit we dowamly holesistit kesellerinden bejergi aldym. Her 3 aýdan hem bejergini gaýtalaýaryn. Ondada içimde agyry bar, ir bilen ýüregim bulanýar, garnyma basylanda garnymyň ähli ýerinde agyry duýulýar. Maňa maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3138 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.38 (8 Ses)

Salam lukman! Meniň elimiň birinji barmagyna örgün örüp başlap, Ilki gijedi, soň ýüzi kesmekläp jaýrylyp başlady. Başda kän ünsem bermedim, adaty el kremlerini çalan boldum. Soň beýleki barmaklarymada geçip başlady. Üýtgeşik ellän zadym hem ýok. Onsoň lukmana ýüz tutdum. Bejergi ýazdy:natriý tiosulfat ergininiň sanjymy 1 wagtyna 5 gün, mezim 3 wagtyna, suprastin 2 wagtyna, salisil turşulygy, Sinoflanyň melhemi. 5 günden elim düzeldi. Ýene-de 1 hepde geçensoň gaýtadan bildirip başlady. Sinoflan melhemini 3 gün çaldym welin aýryldy. Biraz wagtdan örgün ýene gaýtalanýar. Bu barada maslahat berseňiz hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4814 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (543 Ses)

Tebigat Zenany hoşboý ysly güllerden, daglaryň ak garyndan, bullurdap akýan çeşme suwundan ýasap, oňa öz reňkleriniň iň gowsuny peşgeş beren bolmaly. Zenan näz-kereşmesi, ejizligi, mähirliligi ony şeýle syrly edip görkezýän bolsa, onuň gözelligi, beden syraty erkek adamlary özüne maýyl edýär.

Zenan bedeniniň gözelligi we syrlylygy şahyrlar tarapyndan wasp edilip, aýdymdyr-şygyrlarda öz beýanyny tapan bolsa-da, zenan päkligini we gyzlyk mertebesini görkezýän gyzlyk perde baradaky soraglar elmydama üns merkezinde bolmagynda galýar.

Gyzlyk perde... Syrlylygyň, buýsanmalaryň, oýlanmalaryň, ynanmazlygyň, jedelleriň gözbaşy. Geliň onuň bilen baglanşykly, lukmana has ýygy berilýän soraglaryň üstünde durup geçeliň.

Dowamy

  • 170130 gezek okalan

ÝÜREK BULANMANYŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.38 (8 Ses)

Hormatly lukman! Men häzir 25 ýaşymda. Ertir irden ukydan turamda dine ýüregim bulanýar. Maşyna münsem hem şeýle ýagdaý gaýtalanýar. Şuňa çäre ýokmuka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4120 gezek okalan