• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.71 (7 Ses)

Salam lukman! Heläkçilige uçranyňdan ýa-da şuňa meňzeş ýagdaýlardan soň, näme sebäpden teniňde gögeren tegmiller emele gelýärkä? Ony çalt aýyrmagyn usullary barada aýdyp geçäýseňiz.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3716 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

Salam hormatly Lukman! Biz gelnim bilen siziň saytyňyzy uly höwes bilen okaýarys. Meniň gelnim ilkinji göwreliligiň 29-njy hepdesinde. Ol sag böwreginiň dowamly agyryandygyny aýdýar. Şeyle ýagdaýda nähili bejergi almalyka? Maslahatyňyz üçin sag boluň!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4472 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.71 (59 Ses)

Salam lukman! Men 32 ýaşymda, aýalym bolsa 28 ýaşynda. Biziň maşgala guranymyza 3 aý bolsa-da, men aýalym bilen jynsy gatnaşygy başlap bilemok. Ol gorkýar, gaçýar ya-da meni islemeýär. Bu barada hiç kime aýdyp hem bilemzok. Hiç hili bejergi ýa-da derman almadyk. Maslahatyňyz bilen kömek bermegiňizi haýyş edýäris.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 13190 gezek okalan

ÝANYKDAN SOŇ ÝARANYŇ BITMEGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (6 Ses)

Salam lukman! Menin elim bilen ýüzüm otda ýandy. Lukmanlar 2 derejeli ýanykdygyny kesgitlediler. Bejermek üçin ulanan dermanlarym – lewomekol, dermazin, oblepiha ýagy, ýaşyl ýod. Hazir bepanten plýus melhemini hem-de Berzeňňi şypahanasynyn suwuny ulanýaryn. Ýöne ep-esli wagt geçendigine garamazdan ýüzüme täze deri bitmesi haýal we ýanygyn yzy gyzaryp dur. Sizden maslahat bermeginizi haýys edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3380 gezek okalan

AÝAKDA DÖREÝÄN DAMAR ÇEKMELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (8 Ses)

Salam saýtyň hormatly lukmanlary! Men 17 ýaşymda. 5-6 aýdan bäri aýaklarymyň damary güýçli çekýär. Munuň sebäbiniň nämedigini aýdyp berseňiz, Sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy, Kakajan.

Jogaby oka

  • 6371 gezek okalan

DERI KESELLERINE DEGIŞLI MASLAHAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.06 (17 Ses)

Salam lukman! Men 27 yaşymda. Takmynan 19-20 yaşymdan bari bedende allergiýa netijesinde dörän gijilewükden ejir cekip gelýärin. Gijilewük gyşda has guýjäp, ýazyna bolsa azalýar. Kabul edýän dermanlarym: natriniň hlor erginini damja görnüşde, kalsiý glýukonaty sanjymda, deksametazon (has beterleşen wagty) we her gün suprastin gerdejikleri. Iymitlenmede ajy, süýji we süýt önümleri ýaramaýar. Sowuk howa ýagdaýyma ýaramaýar, yssy howa ýaraýar, ýöne derlän wagtym gijileme güýjäp, derim kepek görnüşde soýlup dökülýär. Men keselim psoriazmyka diyip gorkýan. Eger psoriaz bolsa bejerip bolanok diýýärler. Şol sebäpli deri keselleri hassahanasyna barmakdan çekinýärin. Dine ýaz aýlary bejergi almak maksady bilen Arçman şypahanasyna we Ýyly suwa gidýärin. Maňa bu keselden dynmagyň çäreleri barada maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 8324 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.72 (18 Ses)

Salam hormatly lukman! Özüm 65 yaşymda. Meni gündüzlerine peşewiň hayal bölünip çykmagy, gijelerine bolsa bu ýagdaýyň has hem haýallamagy ynjalykdan gaçyrýar. Bu nämänin alamatyka we ony nahili bejermelikä? Operasiya etman bejerip bolarmy?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5899 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (53 Ses)

Salam hormatly lukman! Men witaminleriň peýdalylygy barada köp eşidýärin. Şolaryň görnüşleri barada maglumat berseňiz minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Salam lukman! Bedende witamin ýetmezçiligi dörände nähili alamatlar döräp biler? Olaryň umumy alamaty barmyka? Soragyma jogap berseňiz Sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Witaminleriň saglygy saklamakda wajyp ornunyň bardygyny lukmanlar bize ündeýän bolsalar, gazet-žurnallar olar baradaky maglumaty häli-şindi ýetirip durýarlar. Lukman tarapyndan bellenilen, dürli gerdejikler ýa-da sanjym görnüşinde öndürilen witaminleri, biz saglygymyzy berkitmek üçin kadaly kabul etmäge çalyşýarys.

Jogaby oka

  • 17465 gezek okalan