• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IŞDÄNI NÄDIP GOWULANDYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Salam, lukman aga! Meniň hiç işdäm ýok. Tomusdandyr diýseňiz-ä, gyşyna-da ýagdaý şeýle. Şonuň üçin-de gaty hor. Deň-duşlarymyň ýanynda gaty kiçi görünýärin. Men dostlarym bilen kafede bile oturyp iýip-içenimizde, olar 5 minutda iýseler, men 15 minut giç gutarýaryn. Men köp iýmäge şunça jan etsem-de, iýip bilemok. Işdämi gowulandyryp, semrär ýaly name çäre barka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 2930 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (35 Ses)

Salam, hormatly lukman! Ujydyñ (penisiñ) ululygy erkek adamlaryň hemmesini-de gyzyklandyrýan bolsa gerek. Biz erkekler hemmämiz hem ujydymyzyň ulurak bolanyny kem göremzok (hut menin özüm 18 sm bolmagyny isleyän, su wagt 27 yasymda)! Su tema barada internetde birnäçe zatlara gabat geldim: ujydyñ boyuny ösdürmek ücin tabletkalar, enjamlar, yörite mashklar... Ýöne bu zatlar näderejede dogruka? Hakykatdan hem medisinada ujydyñ (penisiñ) boýuny, inini uzaltmagyň bir usuly barmy? Eger bar bolsa nirä ýüz tutmaly? Şular barada giňişleýin düşündiris berseňiz, gaty hoşal bolardyk!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 17776 gezek okalan

KÖMEK EDIŇ!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Salam, Lukman! Meniň gyzym üç ýaşynda. Onuň kellesi hemişe gyzgyn. Newrolog lukmanyna ýüz tutduk, ol hem gyzymyň kellesiniň bolmalysyndan biraz uludygyny aýtdy. Lukman gyzymyň kellesini rentgene düşürmek zerurlygynyň ýokdugyny hem aýtdy. Biz Siziň maslahatyňyza mätäç.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4628 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.75 (4 Ses)

Salam Lukman! Men 25 yaşymda, men uzak wagt (4-9 sagat) ukymy alyp turanymdan soň, agyz boşlugyma suw ýygnanyar, agzymyn içini dilim bilen arassalap tüýkürýän welin, tüýkülügimde ganjymyk suwa görünýär. Kä günler irden ukudan turanymda sarymtyl reňkli tüýkülik bolýar. Meniň aşgazan agyrym yok, diş agyrym yok, yöne dişlerimden yekejesi 5 ýyl mundan ozal demre gaplanypdy. Men käbir deň-duşumdan bu ýagdaý babatda gyzyklanyp soradym. Olaryň käbirinde çilim çekip ýatan gijelerinde agyzlarynda şeyle suw döreýän eken. Yöne meniň agzymda bu suwuklyk günde döreýär, munuň sebäbi nämekä? Jogabynyza sabyrlylyk bilen garasyarys!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3280 gezek okalan