• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (16 Ses)

Salam, hormatly Lukman! Belok maddasy hakda şu aşakdaky soraglaryma jogap berseňiz, örän hoşal bolardym:

  1. Adam bir gije-gündiziň dowamynda näçe mukdarda belok kabul etmeli?
  2. Adam bedeninde belok ýetmezçilik edende nähili kynçylyklar döräp biler?
  3. Ösümlik we mal belogynyň arasynda näme tapawut bar? Adam mal belogyny kabul etmezden, diňe ösümlik belogy bilen ýaşap bilermi?
  4. Eger bedende mal belogy ýetmezçilik etse ýa-da iýmitiň düzüminde mal belogy uzak wagtlap ýa-da asla bolmasa, iýmit bilen kabul edilen ösümlik belogy bedenimizde mal belogyna öwrülip bilýärmi?
  5. Bedeniň beloga bolan mätäçligini lukmançylykda ýörite taýýarlanýan belok içgileri ýa-da gerdejikleri bilen kanagatlandyryp bolýarmy? Eger bu mümkin bolsa, şeýle içginiň ýa-da gerdejikleriň ady näme? Olary nireden tapyp bolýar? Olaryň zyýany we peýdasy nähili? Umuman, belok barada giňişleýin gürrüň berseňiz, minnetdar bolardym.

Hormat bilen, saýtyň höwesjeň okyjysy Şatlyk.

Jogaby oka

  • 6899 gezek okalan

SÜÝDÜM NÄME ÜÇIN KESILÝÄRKÄ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.67 (3 Ses)

Salam, lukmanlar! Meniň ýakynda ikinji çagam dünýä indi. Her gezek çagam iki aýlyk bolanda, süýdüm keselýär. Munuň sebäbi nämekä? Gerekli maslahat berseňiz, minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3518 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

Salam lukman! Men golaýda garamyk keseli bilen keselledim. Şonda bedenimiñ ähli ýerinden ýaralar çykdy. Onsoñ ähli yerime göwheriñ ýaşyl erginini çaldym. Ondan soñ bolsa "sigmaderm" melhemini çaldym. Şondan son ýüzümdäkiler aýrylşyp başlady. Ýöne ýüzümde we bedenimiñ käbir ýerlerinde yzlar galdy. Şol yzlary nädip aýryp bolarka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7453 gezek okalan

ÝÙZDE DÖREÝÄN ÝAG

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (5 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men 17 ýaşymda, meniñ ýüzüm gaty ýagly, şonuñ üçin hem ýüzùmde düwùrtikler bar, has erbedem olaryñ yzlary çukurçuk bolup dur. Şolary nädip aýryp bolar? Şeýle hem ýùzùñi duzly suwa ýuwsañ ýagyny aýyrýar diýip eşitdim. Şol dogrumyka? Eger maslahat berseñiz, minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4251 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Salam, hormatly Administrator!

Men siziň sahypaňyza makala ýazyp iberesim gelýär. Eger mümkin bolsa, şonuň ýoluny salgy beräýiň. Meniň bilen habarlaşmak üçin şu nomerlere jaň edäýiň, ##-##-##, 80063 ##-##-##.

Saýtyň okyjysy G*****, galamgär.

Jogaby oka

  • 3024 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (17 Ses)

Salam! Meniñ gyz doganym 21 ýaşynda. Ol aybaşy döwründe başaylanma, yürekbulanma bilen başlanyan yiti agyryny başdan geçirýär. Heniz lukmana ýüz tutup görenok. Soňky 2 aý yagdaýy has-da beterleýär Myşsa nasogin, dimedrol sanjym edilse agyry aýrylyar. Indiki aý ýene öňki ýagdaýy. Güýçli agyrynyñ sebäbi näme? Ýa bu şeýle bolmalymyka? Munuň bejergisi yokmuka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 10033 gezek okalan

SYNÇGYLAWUK NÄMEDEN DORÄP BILYÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (3 Ses)

Salam, hormatly Lukman! Uly adamda, käwagt ýaş çagalarda-da wagtal-wagtal synçgylawuk bolyar. Şonuň sebäbi nämekä? Ondan nädip gutulyp bolýar? Şeýle-de asgyrmaklygyň sebäbi barada hem gürrüň berseňiz, hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3635 gezek okalan