• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.75 (4 Ses)

Salam Lukman! Men 25 yaşymda, men uzak wagt (4-9 sagat) ukymy alyp turanymdan soň, agyz boşlugyma suw ýygnanyar, agzymyn içini dilim bilen arassalap tüýkürýän welin, tüýkülügimde ganjymyk suwa görünýär. Kä günler irden ukudan turanymda sarymtyl reňkli tüýkülik bolýar. Meniň aşgazan agyrym yok, diş agyrym yok, yöne dişlerimden yekejesi 5 ýyl mundan ozal demre gaplanypdy. Men käbir deň-duşumdan bu ýagdaý babatda gyzyklanyp soradym. Olaryň käbirinde çilim çekip ýatan gijelerinde agyzlarynda şeyle suw döreýän eken. Yöne meniň agzymda bu suwuklyk günde döreýär, munuň sebäbi nämekä? Jogabynyza sabyrlylyk bilen garasyarys!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3295 gezek okalan

DIL ÝUWUTMANYŇ SEBÄBI NAME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (2 Ses)

Salam lukmanlar! Käbir adamlar dil ýuwutma (diliñ gitmegi) sebäpli çaşýalar. Şolar ýaly ýagdaýda ilkinji kömegi nädip bermeli? Dil gitmeginiñ sebäpleri nämeden bolup biler?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3105 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.80 (49 Ses)

Salam, Lukman! Jynsy gatnasygyn kadasyzlygy hem-de tertipsiz jynsy gatnasyk diyilýän zat barada giňişleýin düşünje berseňiz, hoşal bolardyk. Jynsy gatnaşyň kadasy barada öň ýazylan makalany okap, biraz düşünje aldyk. Indi tertipsiz jynsy gatnaşyklar barada hem ýazaýsyňyz diýip haýyş edýäris.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 25445 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

Salam hormatly Lukman! 25-28 ýaşlaryndaky gyzyň ýatgysynda  sowuklama, kista we kiçiräk yaralar bar. Bu zatlar üçin bejergiler kabul edildi, bejergiden soň 4-5 aý  gecdi, ýöne indi aýbaşy halkasy bozulyp, wagtal-wagtal hapalar gelýär. Içinde yza döreýär, ýatgynyň içi hapadan doly görnenok diýýär. Bu derdtden nädip saplanyp bolar? Beyle ýagdaý köp dowam edermikä? Bu ýagdaýlardan soň göwrede çaga galmazlyk howpy nähili bolarka? Bu meselede kista nähili zyýan ýetirip biler, ony kesdirip aýyrmak gyz üçin howply dälmikä? Siziň gymmatly maslahatyňyza garaşýarys!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7582 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.20 (5 Ses)

Salam lukman! Yakynda agamyñ ogly boldy. Lukmanlar dogluş gowy geçdi diýdiler. Ýöne lukmanlar şol gün öýlän çaganyñ ýagdaýynyñ agyrlaşandygyny habar berdiler. Bäbegiñ reñki beýleki bäbeklerden gök bolup saýlanyp dur. Lukmanlar bäbege dogabitdi parok diýp diagnoz goýdular. Çaga ýaşarmy? Nähili bejermeli?

Nurýagdy.

Jogaby oka

  • 2924 gezek okalan