• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (18 Ses)

Salam Hormatly Lukman. Meniñ esasy gündeki problemalarymyñ biri saçymyñ seyreklemegi. Saç näme sebäpden düshýär? Saç düşmegiñ öñüni nädip alyp bolyar? Tohum yzarlasa, öñüni alyp bolmazmy? Eger tohum yzarlaýan bolsa, saç ekdirip bolyarmy? Aşgabatda saç ekip berýän merkezler barmyka? Bahasy nähilikä? Başga-da haysy dermanlaryñ kömegi degip biler? Biocxin diyip Türkiýede öndürilen şampun bar, ýöne kän täsiri yok. Saç dökülmä garşy nämeler ulanyp bolar?

Minnetdarlyk bilen, Durdy.

Jogaby oka

  • 6819 gezek okalan

IÇGATAMANY NÄDIP AÝYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Lukman, men näme etmeli? Içim elmydama gataýar. Derman ullansam gowy,  ullanmasam gataýar. Aşgabatda iň gowy lukmany maslahat bermegiňizi haýyş edýän.

Myrat.

Jogaby oka

  • 3676 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.32 (69 Ses)

Salam hormatly Lukman! Türkmen dilinde şeyle oňat saýtyň bardygy gowy zat, diýseň düşnükli we peydaly makalalary ýetirýäniňize ýene bir gezek minnetdar. Men Türkiýäniň uniwersitetleriniň birinde lukmançylyk fakultetinde okaýan. Gabat gelýän, agzalýan köp keselleriň türkmençesini bilmekde kynçylyk çekýän. Eger mümkin bolsa, elektron formatda türkmençe-rusça (inlisçe) lukmançylyk sözlügiňiz bar bolsa, mail adrese ugratmagyňyzy hayyş edýän. Işinizde üstünlikler arzuw edýän.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 14127 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (14 Ses)

Salam saglyk infonyň işgärleri! Saýtyňyzda ýerleşdirýän makalalaryňyzy uly höweslenme bilen okaýaryn. Daşary ýurtlarda Alsgeýmeriň keseline uly üns berilýär. Biziň lukmançylyk edebiýatymyzda şonuň ýaly keseliň kesgitlemesine duş gelinmeýär. Ýa-da ol başga atly kesel kesgitlemesi bilen alnyp barylýarmyka? Bu kesel ösen ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň keselimikä?Alsgeýmeriň keseli barada giňişleýin maglumat berseňiz, Size minnetdar bolardyk.

Salam bilen okyjyňyz.

Jogaby oka

  • 4281 gezek okalan

GIDROSEFALIÝA KESELI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.83 (6 Ses)

Salam hormatly Lukman!
Maňa esasy gidrosefaliýanyň kompensirlenen birinji derejelisi barada maglumat gerekdi. Täze ýazjak makalaňyzda şu kesel we onuň bejergisi barada türkmen dilinde maglumat berseňiz, minnetdar bolardyk.

Atamyrat.

Jogaby oka

  • 4095 gezek okalan

GÖWREDE ÇAGA GALYP BILERMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.66 (29 Ses)

Biz ýaňy-ýakynda toý etdik. Şondan bäri 2 aý geçdi, emma aýalymyñ göwresinde çaga galanok. Men aýalym bilen jynsy gatnaşykda bolanymda, onuñ jyns agzalary çygjarmaýar we kän gyjynmaýar. Şeýle ýagdaýda aýalymyñ göwresinde çaga galyp bilermi? Onuñ göwresinde galar ýaly näme etmeli?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 15335 gezek okalan