Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DERI KESELLERINE DEGIŞLI MASLAHAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.06 (17 Ses)

Salam lukman! Men 27 yaşymda. Takmynan 19-20 yaşymdan bari bedende allergiýa netijesinde dörän gijilewükden ejir cekip gelýärin. Gijilewük gyşda has guýjäp, ýazyna bolsa azalýar. Kabul edýän dermanlarym: natriniň hlor erginini damja görnüşde, kalsiý glýukonaty sanjymda, deksametazon (has beterleşen wagty) we her gün suprastin gerdejikleri. Iymitlenmede ajy, süýji we süýt önümleri ýaramaýar. Sowuk howa ýagdaýyma ýaramaýar, yssy howa ýaraýar, ýöne derlän wagtym gijileme güýjäp, derim kepek görnüşde soýlup dökülýär. Men keselim psoriazmyka diyip gorkýan. Eger psoriaz bolsa bejerip bolanok diýýärler. Şol sebäpli deri keselleri hassahanasyna barmakdan çekinýärin. Dine ýaz aýlary bejergi almak maksady bilen Arçman şypahanasyna we Ýyly suwa gidýärin. Maňa bu keselden dynmagyň çäreleri barada maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 8314 gezek okalan

PEÝDALY WE PEÝDASYZ KREMLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (7 Ses)

Salam hormatly lukman! Siziň 2012ýylda saýtda ýerleşdiren "ERKEGIŇ TOHUM SUWUKLYGY WE KOSMETIKA" atly makalaňyzda "kosmetiki kremlere ökuzun tohum suwuklygy goşulany sebäpli, ony yaşlara ulanmak bolmayar" diýlip ýazylypdyr. Men suwdan cykyp "Oriflame" firmasynyň kremini ayaklaryma, ellerime, dodagymyň töwereklerine çalýaryn. Bu krema "для тело" krem diýýarler. Bu kremde hem tohum suwuklygy bolup, ol zyýanlymyka?. Gyş günleri derimiň guraýandygy sebäpli Eyranyň "BAYRAM" kremini ulanýaryn. Bu krem hem zyýanlymyka? Şeýle-de, maňa haýsy tonal kremleri maslahat berip bilersiňiz? Şu wagta çenli "Oriflamyň" tonal kremlaryny ulandym. Ýüzüm durudy, indi düwürtik çykyp başlady. Berjek maslahatyňyz uçin minnetdar.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3682 gezek okalan

IMMUNOMODAL DERMANYNY GÖZLEÝÄRIN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Salam hormatly lukman! Meniň kakam 1966-nji ýylda doglan. Onuň eliniň derisi ak tegmiller bilen örtüldi. Lukmanlar kakamyň bagrynda gurçugyň bardygyny anyklap, derman ýazyp beripdirler. Kakam şol dermany hiç ýerden tapmandyr. Dermanyň ady Immunomodal. Şol dermany nirden tapmalydygyny aýdaýsaňyz sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3108 gezek okalan

ENDAMDAKY TEGMILLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.80 (5 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniň endamymda bölek-bölek tegmil emele geldi. Lukmanlar maňa ýod bilen spirti garyp çalmagy maslahat berdiler. Bu näme bolup bilerkä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3445 gezek okalan

GURAK DERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniñ derimde bir kesel bar. Meniñ gyş aýlary derim gurak bolýar we derim soýulýar. Tomus gelende bolsa bu kesel aýrylýar. Düşündiriş berseňiz, minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3412 gezek okalan

ÝAKYMSYZ YSLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

Salam, hormatly lukman! Ýakymsyz yslaryň nähili döreýändigi we ol yslary nähili aýryp bolýandygy hakda, esasan hem goltuk, aýak we beýleki agzalardaky ýakymsyz yslary aýyrmaklygyň çäreleri barada gürrüň berseňiz, hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3440 gezek okalan

GIJEMEGINIŇ SEBÄBI NÄMEKÄ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Salam, hormatly lukmanlar we okyjylar!  Meniň sag aýagymyň külembike we onuň ýanyndaky barmagymyň arasy, sag aýagymyň gyraky barmaklarymyň ýanlary bilen gijeýär. Bu gijelewükler käwagt hatda gijelerine-de ýatyrmaýar, käwagt bolsa hiç azar bermäýar. Aýaklarymy gyzgyn suwa salyp, janyma hoş ýakýar, gaşaýan ýerlerimiň derisi sypyrylýar. Bu nämeden beýle bolýarka? Men birki sany maz hem çalyp gördüm. Peýda etmedi. Bellemeli ýagdaýlaryň biri hem – men 4 ýyl harby ädikde gezdim. Şeýle ýagdaý şondan soň ýüze çykdy. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3047 gezek okalan