• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.32 (69 Ses)

Salam hormatly Lukman! Türkmen dilinde şeyle oňat saýtyň bardygy gowy zat, diýseň düşnükli we peydaly makalalary ýetirýäniňize ýene bir gezek minnetdar. Men Türkiýäniň uniwersitetleriniň birinde lukmançylyk fakultetinde okaýan. Gabat gelýän, agzalýan köp keselleriň türkmençesini bilmekde kynçylyk çekýän. Eger mümkin bolsa, elektron formatda türkmençe-rusça (inlisçe) lukmançylyk sözlügiňiz bar bolsa, mail adrese ugratmagyňyzy hayyş edýän. Işinizde üstünlikler arzuw edýän.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 15289 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (14 Ses)

Salam saglyk infonyň işgärleri! Saýtyňyzda ýerleşdirýän makalalaryňyzy uly höweslenme bilen okaýaryn. Daşary ýurtlarda Alsgeýmeriň keseline uly üns berilýär. Biziň lukmançylyk edebiýatymyzda şonuň ýaly keseliň kesgitlemesine duş gelinmeýär. Ýa-da ol başga atly kesel kesgitlemesi bilen alnyp barylýarmyka? Bu kesel ösen ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň keselimikä?Alsgeýmeriň keseli barada giňişleýin maglumat berseňiz, Size minnetdar bolardyk.

Salam bilen okyjyňyz.

Jogaby oka

  • 5420 gezek okalan

GIDROSEFALIÝA KESELI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.83 (6 Ses)

Salam hormatly Lukman!
Maňa esasy gidrosefaliýanyň kompensirlenen birinji derejelisi barada maglumat gerekdi. Täze ýazjak makalaňyzda şu kesel we onuň bejergisi barada türkmen dilinde maglumat berseňiz, minnetdar bolardyk.

Atamyrat.

Jogaby oka

  • 5343 gezek okalan

GÖWREDE ÇAGA GALYP BILERMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.66 (29 Ses)

Biz ýaňy-ýakynda toý etdik. Şondan bäri 2 aý geçdi, emma aýalymyñ göwresinde çaga galanok. Men aýalym bilen jynsy gatnaşykda bolanymda, onuñ jyns agzalary çygjarmaýar we kän gyjynmaýar. Şeýle ýagdaýda aýalymyñ göwresinde çaga galyp bilermi? Onuñ göwresinde galar ýaly näme etmeli?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 16592 gezek okalan

ISLENILMEDIK GÖWRELILIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.18 (28 Ses)

Her bir jynsy gatnaşykdan soň aýalyň göwresinde çaga galyp bilýärmi? Ýa-da aýalyň göwresinde çaga galmagyň belli bir öz wagty barmy? Islenilmedik göwreliligiň öňüni almak üçin, jynsy gatnaşykdan haçan saklanmaly?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 13714 gezek okalan

SIRINGOMIÝELIÝA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.69 (16 Ses)

"Siringomieliýa ýa-da siringobulbiýa, oňurga ýiliginiň belli bir bölekleriniň inçelmesi, käbir böleklerinde intermodulýar gabara döreme, çanaklyk organlarynyň funksiýalarynyň bozulmagy" - diýlip, diognaz goýlan hassanyň ýagdaýy agyr. Ýöremekden galan. Aýaklary agyrýar, güýçli çekýär we başga dertler. Ýüz tutulan neýrohiruruglar operasiýa degişli däldigini aýdýarlar.

Bu kesele näme çäre barka? Siziň maslahatyňyza mätäç.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5153 gezek okalan