
Salam, hormatly Lukman! Meniň 15 günlük çagamyň garny agyrýar. Bu nämeden bolup biler?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman!
Aşgazan asty mäzi sowuklan wagty nähili alamatlar ýüze çykyp biler? Nähili sowuklap biler we öňini alynyş çäreleri barmy? Şular hakynda bir giňişleýin düşündiräýseňiz, minnetdar bolardym.
Hormat bilen, saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men 45 ýaşymda. Men nahar iýip bolanymdan 5-10 minut geçenden soň gägirip başlaýaryn, aşgazanymda yza döreýär. Munuň sebäbi nämekä? Mundan dynmak üçin näme etmeli? Gägirmäni aýyrmak üçin gazlandyrylan mineral suwlary içmek maslahat hem berýärler. Olary içsem bolýarmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman! Soňky wagtlar has köp adamlar gemorroý keselinden ejir çekýäler. Bu keseli kesmezden nädip bejermelidigi barada giňişleýin düşündiriş bermegiňizi we oňa garşy haýsy dermanlary ulanmalydygyny maslahat berýäňiz diýip haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men alkogolly içgileri içenimde, eger köpräk mukdarda içiläýsem, ertesi gün daňdanlar gaty erbet ýüregim bulanyp baslaýar. Onsoň gaýtaryp, ögäp uzak gün gaty erbet ýüregim bulanyp geçýär. Solar ýaly wagt hiç janyňa jaý tapyp bolanok. Bir owurt suw içseňem gaýdyp dur. Ýürek bulanma gaty erbet zat. Elbetde munuň alkogolyň organizme has artygrak düsüp, zäherlenme netijesinde bolýandygy dogry. Ýöne solar ýaly ýürek bulanmada näme edip bolýar? Ýürek bulanmany nädip aýyrmaly? Serhoslykdan soň bolýan ýürek bulanmadan nädip çaltrak dynyp bolýar?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men size şeýle sorag bilen ýüzlenmek isleýän. Adamyň içindäki soguljanlary nähili bejergi bilen aýryp bolarka? Jogap berseňiz minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Meniň gyz doganymyň içi gataýar, onuň uly täredi kynlyk bilen bolýar. Doganym şeýle bir gaharjaň welin, sähel zada tiz gaharlanýar. Onuň işdäsi gowy, ýöne igi erbet gataýar. Ol içsürüji dermanlary köp içýär. Doganymyň içi nämeden gataýarka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman! Meniň berjek soragym birza gödegräk. Dogrymy aýtsam, gňnüden-göni lukmana ýüz tutmaga utanýan. Meniň içim adatdan köp ýellenýär, içimiň ýelini goýbermesem, garnym çişip durýar. Munuň sebäbi nämekä? Bejergisi barmyka ýa-da bu tebigy zatmyka? Kömek edip, gerekli maslahatlary berseňiz, şu saýt üçin zähmet çekýänlerden razy bolardym. Jogabyňyza garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Adam gastrit keseline nädip duçar bolýar? Bu kesel nesil yzarlaýarmy? Ony nädip bejerip bolýar? Ir döwürler adamlar gawun bilen bejerýän ekenler. Muña nähili garaýañyz?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman! Men sizden gastrit keseli barada maglumat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka