Salam, eziz lukman! Meniň ujydymyň işjeňligi peseldi. Men öňem birnäçe gezek androlog lukmanyndan bejergi aldym. Bejergiden soňra gowulaşan ýaly bolýar-da,ýene-de beterleýär. Ozal sowukda gasygym agyrýardy, lukmana aýtsam, erkeklik mäzi sowuklapdyr diýdi. Indi sowuk bolsa-da, agyranok, ujydymyň dikelmesi kynlaşdy, gyjynmamam peseldi. Bu impotensiýanyň alamatymyka?
Merdan.
Jogaby oka
Salam. Hormatly lukman! Men saýtyň masturbasiýa diýen temasyny okamda şeýle sorag ýüze çykdy: garşy jynsdan bolanlar biri-birini görenlerinde, jyns gatnaşygyna bolan höweslerini beýan etmän, özbaşdak masturbasiýa edýär. Şeýle ýagdaýlarda garşydaş jynsdan bolanyň seni isleýändigini özi aýtmasa-da, onuň daşky görnüşinden muny aňyp bolýarmyka? Sebäbi garşydaş jynsdan bolan öz islegi barada aýtmaga çekinip, ömrüni armanly geçirmegi hem mümkin. Şular barada maslahat berseňiz, minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, Lukman! Men gije ýatyrkam döl gelip, mejbury turmaly bolýan (ukudan galýan). Şunuñ alajy barmyka? Gaýrat edip, jogap bermegiňizi haýyş edýärin. Ondan başga-da mende güýçli ereksiýabar. Döl gelmesi barada giñişleýin gürrüň berseňiz, minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Men kiçiligimden onanizm bilen meşgullandym. Birnäçe ýyldan soňra bolsa onanizmiň zyýanlydygyny bildim. Onanizm bilen meşgullanýarkam meniň ujydymyň turmasy gitdigiçe peselýärdi we şu wagt jynsy gatnasyk üçin kadaly ýagdaýa gelenok. Zyýanyň ýarsyndan gaýtsaň hem peýda diýip, şu wagt onanizm bilen meşgullanamok. Men indi näme etsem bolarka? Muny öý şertlerinde degişli çäreleri görmäge kömek etmegiňizi haýyö edýärin. Men käwagt erkeklik seksuallygy artdyrýan gerdejikleri ulanýaryn. Şolar zyýanlymyka? Şu soraglaryma jogap berseňiz, minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman! Erkekleriň emjeginiň çişmesi nämedenkä? Meniň emjegim çişi 2 ýyl bäri dur, aýrylanok? Jogap bermegiňizi haýyş edýärin?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman! Ujydyň kadaly uzynlygy we ýogynlygy nähili bolmaly? Onuň uzynlygyny we ýogynlygyny nähili dogry ölçemeli? Dünýä halklaryna, ýasaýan ýeriňe, klimata görä ujydyň ölçegleri tapawut edýärmi? Ujydyň ululygy ýa-da kiçiligi nämelere bagly? Onuň kadadan kiçi bolmagy erkegiň psihikasyna nähili täsir edýär? Ortaça alanyňda aýal üçin, aýalyň orgazmy üçin ujydyň haýsy ölçegde bolmagy iň gowusy (ideal) hasaplanýar we haýsy ölçegde bolmagy ýeterlik (normal) hasaplanýar? Eger ujydyñ uzynlygy ýatgyň boýunjygyna ýetmese, onuň ýeten ýagdaýyndakysyndan lezzeti kem bolarmy (aýal üçin, onuň kanagatlanmagy üçin)? Adatça ujydyň ululygyna ýa-da kiçiligine aýallar nähili baha berýärler? Ýetginjeklik döwründen soň, meselem 25-30 ýaşlarda testosteron gormonynyň organizmdäki möçberiniň ýa-da onuň emeli usulda daşyndan goşmaça kabul edilmeginiň ujydyň ululygyna we beýleki erkeklik sypatlaryna (meselem sakgalyñ gür bolmagyna) täsiri barmy? Degişlilikde şu soraglara giñişleýin jogap berseñiz, örän hoşal bolardyk. Minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Men 35 ýaşymda. Ýaşlykdan jyns organymy köp ýyllap günde anonim bilen meşgullandym. Indi jyns organym jynsy gatnaşyklarda örän pes. Höwesim ullakan, ÿöne başa baranok. Muny bejerip bolýamy? Men lukmana barmaga-da çekinýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman! Men 19 yaşymda. Men jynsy gatnaşykda bolan wagtym käbir sebäplere görä ujudym galmaýar. Saglyk ýagdaýym gowy. Jynsy gatnaşyga höwesi artdyrmak üçin nämeler etmeli? Jogabyny ýazsaňyz sizden hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Jyns ýollaryndaky sowuklamalar erkek adamda jynsy spermatozoidleriň işjeňligine we hereketine öz täsirini ýetirip bilýärmi ýa-da är-aýal gatnaşygynda aýalyñ göwresinde çaga galmazlygyna sebäp bolup bilermi?
Saýtyň okyjysy Aman.
Jogaby oka
Salam, hormatly lukman! Käbir adamlar narpyzly sakgyç çeýnemegiň erkegi jynsy gowşaklyga getirýändigini aýdýarlar. Bu dogrumy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka