• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BRUSELLÝOZ KESELI NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.17 (6 Ses)

Salam, hormatly lukman!

Oba ýerinde dostlarymyñ biri çopançylyk bilen mesgullanyp goýun bakýar. Ol brusellýozym bar diýýär. Arasynda bejergi hem alýar öýdýän. Eýsem bu nähili kesel? Ýokançlymyka? Bejergisi, öñüni alys, goranyş çäreleri nähili? Şular barada giñişleýin düşündiriş berseñiz, esasan hem oba adamlary üçin peýdaly bolardy.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4450 gezek okalan

GARAGUŞ KESELINI BEJERIP BOLÝARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.23 (31 Ses)

 

Salam,hormatly lukman! Garaguş keseli hakynda bize gürrün bermegiňizi haýyş edýäris. Bu keseliň dermany barmy? Ýa-da bu kesele ýolugan adam ömürboýy tutgaýly gezermi? Bize şular barada maglumat berseňiz hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 9737 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.22 (9 Ses)

Salam, hormatly lukmanlar! Il arasynda öz golaý garyndaşyna öýlenýänlere gabat gelinýär. Mysal üçin doganoglanyňa, çykanyňa ýa-da daşgynrak garyndaşyňa öýlenmek. Däp-dessur aýratynlyklaryna görä Türkmenistanyň käbir sebitlerinde, obalarynda muňa köp gabat gelinýän ýerleri hem bar. Il içinde şeýle nikalardan doguljak çagalaryň kemli dogulmak ähtimallygynyň ýokarydygyny eşidýäris. Oňa derek ýat ýerden öýlenmegiň, has-da milleti başga bolan gyzlara öýlenmegiň nesliň üçin örän peýdalydygyny, dünýä injek çagalaryň zehinli, sagdyn bolýandyklaryny aýdýarlar. Näme üçin şeýle diýilýärkä? Şular barada giňişleýin düşündiris berseňiz, örän hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4728 gezek okalan

EKSTENDOR ABZALY NIREDE SATYLÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (8 Ses)

Salam, hormatly lukman! "Ujydy ulaltmagyñ çäreleri barmy?" atly makalada ýörite ekstendor abzaly barada örän peýdaly ýazgy ýazypsyñyz. Ýöne ol abzaly nireden satyn alyp bolýar? Aşgabatda satylýan ýeri barmyka? Ujydy ulaldýan her hili dermanlaryñ hem mahabatlandyrmasy internetde köp gabat gelýär. Şolar ýaly dermanlar Aşgabatda dermanhanalarda barmyka? Umuman, men ujydymy ulaltmak isleýän, emma bular ýaly temadan her ýerde gürrüñ edip bolanok. Utanylýar ýa-da aýyp görülýär. Şonuñ üçin hem Sizden sabyrsyzlyk bilen jogaba garaşýaryn. Gaýrat edip ýol salgy beriñ! Siziñ halkyñ saglygy üçin edýän işleriñize uly minnetdarlygymyzy bildirýäris!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5194 gezek okalan

BÖWREKDÄKI KISTA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Salam, hormatly lukmanlar! Internetde türkmen dilinde şeýle saytyñ barlygy meni gaty begendirdi, guwandyrdy. Köp-köp sag boluñ, işiñiz ilerik!

Meni 59 ýaşyndaky ejem alada goýýar. Aslynda ol sagat ayaldy. Oba ýerinde ýaşaýanymyz üçin iş-alada ýetik bolýar. Ejem şu ýaşyna çenli her hili ýeñil bolmadyk işlerde işläp gördi: mal-gara seretmekmi, olara gyş üçin ot-iým taýynlamak, pagta ýygmak, tikin-çatyn, mellekde ýer depip, ekin-dikin ekmek, suw tutmak, ýüpek gurçuga seretmek... Garaz, gyş-ýaz, sowuk-yssy diýmän, erkek ornunda durup, erkek kişi üçinem yeñil bolmadyk islerde işläp geldi. Munuň daşyndanam 6 çagany ösdürip ýetişdirmek, iýdirmek, geýdirmek, adam etmek... Üstesine durmuşa çykaran gyzlarynyñ hem bagty bolmady. Olaryñ hem derdi-azary häzirem ýetip dur. Onsoñ men-ä jemläp aýtsam, ejemi şu agyr işler, ýeñil bolmadyk durmuş şertleri, ruhy taýdan çeken jebirleri (çagalary, adamsy we beýlekiler sebäpli) halys "çökerdimikä" diýýän. Sebäbi ejemiñ indi 7-8 ýyl bäri üýtgäp duran gan basyşy bar. Ýiti kellagyrysy hem azar berýär. Ýüregi hem agyrýar. Demgysma meñzes üsgülewügi hem bar. Seretdireli diysegem hiç göwnänok. Özem hiç boş oturasy gelenok. Haçan görseň bir zat edip ýör. Etme, otur diýseňem edenok. Lukmandan geçmänem kän bir halap baranok.

Dogrusy bu zatlara ejemem, bizem kaýyl bolup, şükür edip gezip ýördük welin, indi 1 ýyl bäri sag tarapky böwregi azar berýär, öñküleri ýaly gymyldap bilenok. Soñky döwürler hasam beterleşdi. Onsoñ 3 aý mundan öñ Asgabatdan telewizordan geçirdik. Olaram sag böwrekde kista bar diýdiler. Ululygy hem erigiñ sänigi ýaly. Onsoñ birtopar derman, sanjym bellediler. Olaryñ hem hemmesini aldyk. Ýöne haýyr berene meñzänok. Ýene-de sag böwrekde ýiti agyrylar dowam edýär. Näme etmeli? Kista näme? Ony operasiýa arkaly kesip aýryp bolmaýarmy? Ýa bütin sag böwrek zaýalandymyka? Bir böwregi aýyrmaly bolarmyka? Onsoñ bir böwrekli ýasap bolýarmyka? Ejeme diýseñ-ä indi lukmana gitjek däl diýýär, näme bolsa göräýjek diýýär. Meni bolsa alada basýar...

Maslahatyñyza mätäç!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3530 gezek okalan

DOŇUZ ETINI IÝMEK ZYÝANLYMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

Salam, lukman! Dostlarymyňbiri doňuz etini iýmekligiňorganizm üçin gaty zyýanlydygyny aýtdy. Bu dogrumy? Doňuz etiniňzyýanly bolmagyna getirýän, onuñ goýun, sygyr ýa-da towuk etinden tapawutlanýan taraplary barmy?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3089 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.44 (41 Ses)

Salam, hormatly lukman! Jyns gatnaşygynyñ öñüsyrasyndaky mähir-muhabbet işleriniñ zerur gerekdigini bilýäris: ýakymly sözler, mähirli bakyşlar, ýaryñ gujagy, ýakymly sypalamalar, gyzgyn posalar... Eýsem, taraplaryñ islegi boýunça şularyñ içine arassaçylygy berjaý etmek bilen adaty däl jyns gatnaşygynyñ hem goşulmagy kadalymy? Muña seksopotolog lukmanlar nähili garaýarlarka?

Saýtyň okyjysy.

 

Jogaby oka

  • 16359 gezek okalan