Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLARA SYN WE SAGLYK HABARLARY (06.05.2022)
Gadyrly okyjy, biz 3 ýylyň içinde seniň üçin СOVID-19-a degişli takmynan 400 sany makalalardyr maglumatlar toplumyny döretdik. Munuň içine hepdelik ylmy habarlar, okyjylaryň soraglaryna jogaplar, infografikalar, hasabatlar, ýurdumyzdaky we dünýädäki ýagdaýlara synlar we Türkmenistanyň Saglyk Ministrligine hem-de BSGG-a ýüzlenme hatlarymyz girýär. СOVID ýagdaýlarynyň haýal özgermegi bilen, biz hepdelik СOVID habarlaryny çap etmegi goýýarys. Emma, yzygiderli çykarýan saglyk habarlarymyzy Instagram, Twitter hasaplarymyzda we saýtyň baş sahypasynda okap bilersiň. Ýatlatsak, Türkmenistan dünýäde СOVID-19 hadysalaryna we adam ýitgilerine degişli sanlary habar bermedik ýurt bolmagyna galýar.
ÜNS BER!
Biz COVID-19 baradaky fakt-barlaglarymyzda halkara derejede tanalýan saglyk guramalaryna we saglyk hünärmenlerine esaslanýarys. Epidemiýa baradaky maglumatlaryň yzygiderli täzelenip durýandygy sebäpli, biziň hem fakt-barlaglarymyz şolara görä täzelenip durýar. Eger-de lukmançylyk maslahatyny gözleýän bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň. COVID-19 barada goşmaça maglumat almak üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň websaýtyny okaň.
HABARLAŞMAK KONTAKTLARY
Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň salgysy: tel: +993 12 28-14-47, 28-22-04;
Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş ministrligi: tel: +993 12 40-04-16, +993 12 40-04-07;
1-nji aprel: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 24 sagat işleýän koronawirus boýunça sorag-jogap gyzgyn liniýasyny açdy – 73-95-35;
BSGG Türkmenistan: +993 12 48-83-25;
@BSSG Turkmenistan (Instagram), @UN_Turkmenistan, @UNDPTM, @UNRССA (UN Regional Center for Preventive Diplomacy for Central Asia)
Koronawirus (COVID-19) bilen bagly ýagdaýlara syn we saglyk habarlary:
Sanlar
↪ John Hopkins University and Mediсine: kesellänler 516,279,530, ýogalanlar: 6,248,083, waksinasiýa dozalary: 11,330,355,331.
↪ BSGG: Türkmenistan: kesellänler: 0, ýogalanlar: 0, waksina dozalary: 7,580,976 (awgust 2021), Gazagystan: 1,394,431 (19,013), 24,292,884, Gyrgyzystan: 200,970 (2,991) 2,745,663, Özbegistan: 238,401 (1,637) 47,418,486, Täjigistan: 17,786 (125) 11,532,475, Russiýa: 18,167,281 (375,566) 165,034,184.
COVID ölümleriniň täze sany
BSSG-nyň täze hasabatyna görä, häzire çenli COVID-19 sebäpli ýüze çykan ölümleriň sany 14.9 million – ýagny öňki çaklamalardan 3 esse köp.
Bu täze san 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwary we 2021-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda hasaba alnan artyk ölümleri görkezýär. Artyk ölümler diňe COVID-19-dan ölenleri däl-de, eýsem saglygy goraýyş hyzmatlarynyň bozulmagy ýaly, ölümlere gytaklaýyn täsirini ýetiren sebäpleri hem öz içine alýar:
↪ Artyk ölümleriň 84%-i Günorta-gündogar Aziýada, Ýewropada we Amerikada hasaba alyndy.
↪ Artyk ölümleriň 68%-e golaýy diňe 10 ýurtda ýüze çykdy.
↪ Ölenleriň 57% aýal, 43% erkek.
Ölümleriň dogry hasabyny ýöretmek ölümleriň öňüni alyp bilýär, emma köp ýurtda ygtybarly hasaba alyş ulgamlary kemçilik edýär.
BSGG-nyň kasamy: BSGG agza ýurtlaryna has ykjam we durnukly saglyk maglumat ulgamlaryny gurmaga kömek etjekdigine kasam etdi. BSGG özüniň açyk çeşme metodologiýasynyň hatda maglumatlaryň kem we elýetersiz ýerlerinde hem has takyk sanlary almaga kömek etjekdigini belleýär. Emma, Hindistan bu metodologiýa aç-açan närazylyk bildirdi. Hindistan 24 aýyň içinde 481,000 COVID-19 ölümlerini hasaba alypdy, emma BSGG-nyň çaklamasy resmi sandan 10 (4.74 mln) esse artyk çykdy. BSGG bu närazylyk barada ikitaraplaýyn ylalaşyga gelmegi maksat edinýär.
Ýatlatsak, häkimiýletlere we BSGG görä Türkmenistanda СOVID-19 dan kesellänleriň, ýogalanlaryň sany nol.
Saglyk.org – СOVID-19 ähli soraglaryňa jogaplar. Oka, goran, paýlaş! Bizi IMO-da hem yzarlaň! (Group Name: Saglyk; Group ID: 15022763)
Özüňi we maşgalaňy gora
▷ Koronawirus barada köp soralýan soraglara jogap
▷ Koronawirusdan maska goraýar diýýärler. dermanhana ylgamalymy? Saklanyň, saklanyň!
▷ Waý, asgyrjak bolýan. näme etmeli?
▷ Iş ýerlerinde Covid-19 wirusynyň ýönekeý öňüni alyş ýollary
▷ Covid-19 kimlere has uly howp salýar?
▷ Koronawirus pandemiýasynyň dowamynda toýa ýa sadaka çagyrsalar näme etmeli?
▷ Covid-19 çilimkeşlere we temmäki ulanýanlara has uly howp salýarmy?
▷ Koronawirus we Covid-19 orta ýaşly adamlara hem howp salýar
▷ Koronawirus: gartaşan garyndaşlaryňy nädip goramaly?
▷ Koronawirus göwrelilere nähili howp salýar?
▷ Covid-19 ýokuşmasynyň howplaryny öwren we goran
▷ Kondisioner COVID-19 ýaýramagyna getirip bilermi?
▷ Maskany nädip dakynmaly, ulanmaly, aýyrmaly we zyňmaly?
▷ Covid-19 ene süýdüniň üsti bilen ýokuşyp bilýärmi?
▷ Maşk edilende maska geýmelimi?
▷ Men koronawirus (covid-19) bilen kesellesem näme etmeli?
▷ Stres we gaharyň hötdesinden gelmek – Covid-19
▷ Covid-19: karatin we izolýasiýa näme?
▷ Koronawirus: öýde nädip maska ýasanmaly?
▷ Covid-19: nädip maska ýasamaly?
▷ Soraglar we jogaplar: mekdepler we Covid-19
▷ Nädip maska geýmegi haýyş etmeli?
Barlaglar (Testler)
Karantin
Wirus
▷ Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy täze koronawirus (Covid-19) barada ýaýran toslamalary paş etdi
▷ Ýüzärlik
▷ Alkogolly içgiler koronawirusdan goraýarmy?
▷ Koronawirusyň (Covid-19) we dümewiň meňzeşlikleri we tapawutlary
▷ Oksolin ýagy (оксоли́новая мазь) koronawirusyň ýokuşmagynyň oňüni alýarmy?
▷ Covid-19 wirusy näçe wagtlap zatlaryň ýüzünde diri galyp bilýär?
▷ Ibuprofen dermany Covid-19 bilen kesellänleriň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýarmy?
▷ Günüň aşagynda durmak koronawirusdan (Covid-19) goramaýar
▷ Inçekesel waksinasy koronawirusdan gorap bilýärmi?
▷ Covid-19: immunitet we möwsümleýinlik
▷ Täze koronawirus adamlaryň aglabasyna ýokuşarmy?
▷ SARS-COV-2 wirusyny kontrolda saklap, aradan aýryp ýa-da ýok edip bolýarmy?
▷ SARS-COV-2 wirusy jynsy gatnaşykda spermanyň (dölüň) üsti bilen ýokuşyp bilýärmi?
▷ Jemgyýetçilik basseýnlerine haçan arkaýyn gidip bolar?
▷ Adam jaýlananda howpsuzlyk we hormat
▷ Burnum ys alanok. Bu koronawirusyň alamatymyka?
▷ Alymlar koronawirusyň howada saklanmagy barada BSGG-a ýüzlenýärler
▷ Covid-19 bilen keselländen näçe wagt geçensoň adamlar bilen gatnaşyp bolýar?
▷ Okyjydan: Koronawirus simptomsyz hem geçip bilýär diýýilýär, düşündiräýseňiz
▷ Covid-19: Nädip dezinfeksiýa etmeli?
▷ Okyjydan: Hlory ýa-da natriniň gipohloridini howa sepmek koronawirusy öldürip bilýärmi?
▷ Okyjydan: Bir gezek Covid-19 bilen keselläp gutulsaň, kesel täzeden ýokuşyp bilýärmi?
▷ Covid-19 öňümizdäki dümew möwsümini beterleşdirermi?
▷ Aerozol geçirijileri barada has köp subutnama tapyldy
▷ Hajathanalarda Covid-19 ýokuşyp bilýärmi?
▷ Koronawirusyň esasy alamaty – ys alşyň ýitmegi
▷ Ys alşyň ýitmeginden-tutgaýlara çenli: Covid-yň köpugurly hüjümi
▷ Covid-19 pandemiýasy döwründe "artyk ölümleriň" sanyna gözegçilik
Maska
▷ Maskany nädip dakynmaly, ulanmaly, aýyrmaly we zyňmaly?
▷ Koronawirus: öýde nädip maska ýasanmaly?
▷ Covid-19: nädip maska ýasamaly?
▷ Okyjydan: Maska çyndanam Covid-19 garşy göreşmäge kömek edip bilýärmi?
▷ Medisina maskalary kislorod ýetmezçiligine sebäp bolýarmy?
▷ Okyjydan: Matadan tikilen maskalar çyndanam peýdasyzmy?
▷ Okyjydan: Näme üçin 2 ýaşdan kiçi çagalara maska geýmek maslahat berilmeýär?
Düşündirişler
▷ Sosial mediýada koronawirus barada dogry maglumaty ýalňyşdan nädip saýgarmaly?
▷ Ýasama dermanlaryň "parallel pandemiýasy"
▷ Wirus nädip zoonoz keselden adamdan-adama ýokuşýan kesele öwrülýär?
▷ "Ölümleriň artmagy" nämäni aňladýar?
▷ Täze Zelandiýanyň Covid-19 ýeňme syry
▷ Köpçülikleýin immunitet näme?
▷ Covid-19: berk çäreler hökmanmy?
▷ Täze derman çykanda kime we nämä ynanmaly?
▷ Covid-19 pandemiýasynda halkara kanunlaryň bozulmagy
▷ Saglyk statistikasynyň ähmiýeti näme?
▷ Covid-19 waksinalarynyň patentlerini paýlaşmagyň kömegi degermi?
▷ Covid-19 pandemiýasy döwründe "artyk ölümleriň" sanyna gözegçilik
Waksina
▷ Näme üçin Covid-19 üçin waksina ýasamak derman ýasamakdan uzak wagt alar?
▷ Täze waksina nädip ýasalýar?
▷ Covid-19 sanjymy hem möwsümleýin dümewiň sanjymy ýaly ygtybarsyz bolarmy?
▷ Russiýanyň gyssagly çykaran waksinasy
▷ Waksina ýaryşy: "birinji çykaranyňky iň gowusy" diýmegi aňlatmaýar
▷ Covid-19 waksinasynyň barlaglary nädip geçirilýär we gatnaşyjylaryň howpsuzlygy nädip üpjün edilýär?
▷ Täsirlilik bilen netijeliligi garyşdyrmaly däl
▷ Pfizer-Biontech Covid-19 waksinasyny kimler alyp bilýär?
▷ Ýurduň сovid-19 waksinasiýasy
▷ Moderna Covid-19 (MRNA-1273) waksinasy: bilmeli zatlaryňyz
▷ Waksinanyň önümçilik, howpsuzlyk we hil üpjünçiligi
▷ Covid-19 waksinasynyň dürli görnüşleri
▷ Sinovac
▷ Türkmenistandaky Covid-19 waksinalary
▷ Astrazeneca waksinasy gan lagtalanmasyny döredýärmi?
COVID-19 testleri
Bejergi we çäreler
▷ Covid-19 wirusy barada BSGG-nyň general direktorynyň ýüzlenmesi (mart 5, 2020)
▷ Türkmenistanda Covid-19 gyzgyn liniýasy
▷ Kontakt yzarlamak näme? Ol näme üçin we nädip edilýär?
▷ Covid-19: remdesiwir dermanynyň netijeleri
▷ Tassyklanan bejergi ýok bolsa, saglyk edaralary we hünärmenleri näme edip biler?
▷ Koronawirusa garşy göreşmegiň iň gowy ýoly näme?
▷ Covid-19 we “Immunitet pasporty”
▷ Covid-19 barlaglary barada faktlar
▷ BSGG koronawirus dermanlaryny barlagdan geçirýär, emma atlaryny aýan etmeýär
▷ Soraglar we jogaplar: deksametazon we covid-19
▷ Oksolin ýagy, arbidol, rimantadin … сovid-19-yň öňüni alýan, bejerýän derman barmyka?
▷ Covid-19 bejergisi we waksinasy üçin kliniki barlaglar
▷ Okyjydan: Koronawirusy geçireniňden soňra nädip aýaga galmak barada maglumat barmy?
Hatlar
▷ Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrne hat (RU / EN)
▷ Covid-19 tarapkeşlik etmeýär. Biz hem etmeli däl.
▷ Covid-19 doesn’t take sides. Neither should we.
▷ Covid-19 we Saglygy Goraýyş Ministrligi: hoşniýetli teklipler
▷ Saglyk, WHO and Covid-19 (Release of communication)
Saglygy goraýyş işgärlerine
Toslamalar
ELLERI NÄDIP DOGRY ÝUWMALY?
SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?
Salamlaşanyňyzda
BOLMAÝAR:
Elleşmek;
Gujaklaşmak;
Öpüşmek.
BOLÝAR:
Baş egmek;
Mylaýym ýylgyrmak;
Eliňi galgatmak;
Eliňi ýüregiňe goýup egilmek.
A SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?
#salamlaşmak #koronawirus
- 54116 gezek okalan